Iş üpjünçiligi
Ýolbaşçy wezipesi üçin iş orunlary
Biz sebitde öňdebaryjy plastik gap öndürijisi bolup durýarys. Häzirki wagtda önümçilik obýektlerimizde işlejek ökde hünärli hünärmenleri işe kabul edýäris. Eger gaplama senagatynda we önümçilik pudagynda geljeki hünäriňi öwrenip, wezipäňizde ösmek mümkinçiligi bolan iş gözleýän bolsaňyz, onda kollektiwimize goşulmak üçin biz bilen habarlaşyň!


Bilidirilýän talaplar:
• Bakalawr ýa-da ondan ýokary bilim hünär derejesi.
• Plastik önümleriniň önümçiligi pudagynda iň azyndan 5 ýyl iş tejribesi. Hususanda ekstruziýa, termoformirleme, basyş astynda guýma, howa bilen ekstruziýa ugurlarynda çuňňur bilimleriň bolmagy makullanýar.
• Proffesional derejede kompýuter sowatlylygy.
• Iş stažynyň gowy bolmagy we punktuallylyk (iş grafigini doly berjaý etmek). Ýolbaşçy wezipesinde iş tejribesiniň bolmagy makullanýar.
• Aýratynlykda işläp, ýüze çykan meseleleri özbaşdak çözüp bilmek, netijeli we dogry çözgütleri kabul etmek we tapmak.
• Tabşyrylan ýumuşlar bilen baglanyşykly maddy meseleleri dogry we dürs ýerine ýetirmek.
• Işgärleri dolandyrmak we olara gözegçilik etmek, degişli tabşyryklary bermek, berlen tabşyryklaryň netijeli ýerine ýetirilşine gözegçilik etmek we olary öz wagtynda ýerine ýetirmek.
• Ýolbaşçy düzümine bellenilen tertipde we görnüşde dilden we ýazmaça hasabat bermek.
• Talap edilşine görä öz wagtynda operator hasabatyny, hil barlagy hasabatyny we beýleki resminamalary doldurmak.
• Ýüze çykan önümçilik meseleleri üçin häzirki zaman innowasion çözgütleri hödürlemek.
• Gyssaglylyk we jogapkärlilik duýgularyna eýe bolmak.


Biz hödürleýäris:
• Gyzykly we geljegi uly bolan pudakda işlemek mümkinçiligi.
• Gowy iş şertlerinde durnuklyiş.
• Höwesli işgärler üçin hünäriňi öwrenip ele almak mümkinçiligi.
• Ajaýyp kollektiwde işlemek.
• Öz üstüne ýüklenilen borçlaryny berjaý etmekde üstünlik gazanan dalaşgärler üçin wezipesini ösdürmek we aýlyk hakyny ýokarlandyrmak mümkinçiligi.
• Başlangyç aýlyk haky 4000 man.

Synag möhleti: 3 aý.
Täze işe başlaýanlar üçin iş orunlary
Biz sebitde öňdebaryjy plastik gap öndürijisi bolup durýarys. Häzirki wagtda önümçilik obýektlerimizde işlejek ökde hünärli hünärmenleri işe kabul edýäris. Eger gaplama senagatynda we önümçilik pudagynda geljeki hünäriňi öwrenip, wezipäňizde ösmek mümkinçiligi bolan iş gözleýän bolsaňyz, onda kollektiwimize goşulmak üçin biz bilen habarlaşyň!

Bilidirilýän talaplar:
• Bakalawr ýa-da ondan ýokary bilim hünär derejesiniň bolmagy makullanýar.
• Plastik önümleriniň önümçiligi pudagynda iň azyndan 2 ýyl iş tejribesi.
• Kompýuter sowatlylygy.
• Iş stažynyň gowy bolmagy we punktuallylyk (iş grafigini doly berjaý etmek).
• Dilden we ýazmaça kommunikatiw endikleriň bolmagy.
• Ähli tabşyrylan ýumuşlary öz wagtynda we netijeli ýerine ýetirmek, edilen işler hakynda yzygiderli ýolbaşçylara hasabat bermek.
• Aýratynlykda işläp, ýüze çykan meseleleri özbaşdak çözüp bilmek, netijeli we dogry çözgütleri kabul etmek we tapmak.
• Yhlas bilen zähmet çekmäge höwesli bolmak we bu ugurda erjellik görkezmek.
• Uly jogapkärçilik duýgusyna eýe bolmak.
• Detallara aýratyn üns bermek.
• Tehhniki enjamlar we gurallar bilen işläp bilmek.
• Iş gurşawyny arassa saklamak we howpsuzlyk dügünlerini berjaý etmek.
• Beýleki işgärler we ýolbaşçylar bilen iş etikasyny saklamak, bir-biriňe hormat goýmak, edýän işiňe wepaly we jogapkärli bolmak, tabşyrlan ýumuşlara höwesli we ygtybarly çemeleşmek we hemişe oňyn garaýşa eýe bolmak. Şunuň ýaly häsiýetleriň işgärlermizde bolmagyny hormatlaýarys.

Biz hödürleýäris:
• Gyzykly we geljegi uly bolan pudakda işlemek mümkinçiligi.
• Gowy iş şertlerinde durnuklyiş.
• Höwesli işgärler üçin hünäriňi öwrenip ele almak mümkinçiligi.
• Ajaýyp kollektiwde işlemek.
• Öz üstüne ýüklenilen borçlaryny berjaý etmekde üstünlik gazanan dalaşgärler üçin wezipesini ösdürmek we aýlyk hakyny ýokarlandyrmak mümkinçiligi.
• Başlangyç aýlyk haky 2000 man, iş tejribesi bolmadyk dalaşgärler üçin 1200 man.
• Işgärleriň wezipe-borçlary dalaşgärleriň başarnyklaryna görä kesgitleniler.

Synag möhleti: 3 aý.
Giňişleýin maglumat
almak üçin biz bilen habarlaşyň.
E-mail
Adyňyz we familiýaňyz
Telefon belgiňiz
Habaryňyz
Habarlaşmak üçin
Giňişleýin maglumat almak üçin biz bilen habarlaşyň.
Telefon belgimiz
Mob: +99365893702
Phone: +99312753151
Salgymyz

Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602

Aşgabat, Türkmenistan

E-mail
info@innovapak.com