Missiýamyz – önümlerimiziňinnowasion dizaýnlaryny, ýeňilligini we önümiň umumy hilini ýokarlandyrmak we şol bir wagtda önümçiligiň durnuklylygyny we netijeliligini ösdürip, sebitimizde ýerleşýän ýurtlary önümlerimiz bilen üpjün etmek bolup durýar.
Biziň gymmatlyklarymyz.
Kämillik: Biz hemişe kämilleşmek üçin mümkinçiligiň bardygyny bilýäris. Müşderilermize ideal çözgütleri hödürlemek we olary iň gowy önümler bilen üpjün etmek üçin, biz hemişe gündelik işimiziň dowamynda önümçiligimizde kämillige tarap ädim ätmegiň ýollaryny gözleýäris.
Netijelilik: Kärhanamyzdaky düşünjämize görä bütin işjeňligimiz önümçilik kuwwatlaryny, işgär we maýa serişdelerini netijeli ulanmaklyga, şeýle-de çykdajylara gözegçilik etmekde tertipli çemeleşmä esaslanýar. Medenýetimiz – hemişe netijeliligi ýokarlandyrmaga ymtylýar, bu ugra gönükdirilen akylly çözgütleri höweslendirýär we sylaglaýar.
Hyzmatdaşlyk: Müşderilerimiz we jemgyýetimiz bilen berk baglanyşyklary gurmak, birek-biregiň gymmatyny artdyrmak esasyndaky hyzmatdaşlygy alyp barmak - uzak möhletleýin üstünligiň esasy şerti diýip hasap edýäris. Biz müşderilerimiz bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmaga ymtylýarys we biziň mümkinçiligmizde bolan iň gowy önümleri we hyzmatlary hödürleýäris.
Agzybir işgärlerimiz. Kärhanamyzyň esasy baýlyklarynyň biri – biziň gymmatly işgärlerimizdir. Kärhanamyzyň üstünliginiň esasy açary, missiýamyza ynanýan, iň täze innowasion çözgütleri tapýan we hödürleýän şeýle-de dünýä boýunça müşderlerimize hyzmat etmek üçin arman zähmet çekýän işgärlerimiziň goşýan sansyz goşantlarydyr.
Durnukly ösüş. Kärhanamyzy ösdürmek we öndürýän önümlerimiziň sanyny köpeltmek biziň uzakmöhletleýin strategiýamyzyň özeni bolup durýar. Biz hemişe önümlerimiziň görnüşlerini we hyzmat edilýän segmentleri giňeltmegiň hasabyna önümçilik kuwwatlyklarymyzy, müşderi sanymyzy artdyrmaklyga ymtylýarys.
Ygtybarlylyk. Müşderilerimiz önümlerimiziň hiline we kabul edilen sargytlary tiz ýerine ýetirýändigimize uly baha berip, bizi saýlaýarlar. Yzygiderli özgerýän we hemişe talaplary artýan senagatda önümiň gabynyň möhüm wezipesiniň bardygyna anyk göz ýetirýäris, şonuň üçin biz gabyň öndürijisi hökmünde öz jogapkärçiligimize gaty uly ähmiýet berýäris we önümiň hilini ýokarlandyrmaklygy şeýle-de sargytlary öz wagtynda tiz ýerine ýetirmekligi kärhananyň esasy maksady hökmünde ykrar edýäris.