Önümleriň giň gerimi üçin ulanma mümkinçiligi – spredler, ýogurtlar, süýt önümleri, buz gaýmak, içgiler, taýýar iýmit önümleri we beýlekiler. Kärhanamyz ýewropanyň iň kämil tehnologik önümçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Daşky gurşawy goramak
Önümçilik prosesiniň dowamynda hiç-hili zyýanly galyndylar döremeýär, önümçilikde ulanylýan ähli polimerler iň pes derejede CO₂ zyňyndlaryna eýedirler we 100% gaýtadan ulanylmaga ýaramlydyrlar.
Ýokary hil
Ýokary hil we amatly baha – işiňiziň üstünliginiň açarydyr.
Aýratynlygymyz
Döredijilik, funksionalylyk we innowasiýalar bilen aýakdaş gitmek.
Plastik gap talabyňyzda – ygtybarly hyzmatdaşyňyz.
Jogapkärli we durnukly önümçilik.
Netijeli gabyň güýji
Önümiň gaby - häzirki zaman ösen bazarda sarp edijileriň islegine täsir edýän esasy faktor bolup durýar. Gowy gap - önümiňize bolan islegi artdyrar.
“Halk Hazyna” hojalyk jemgyýeti Merkezi Aziýada “Innovapak” brendi bilen ýokary hilli plastik gaplarynyň öňde baryjy öndürijisi bolup durýar. Kärhanamyz iň döwrebap çözgütleri hödürlemek bilen müşderilermize işlerininiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döredýär.
Biziň önümçilik enjamlarymyz
Biziň kärhanamyz Ýewropanyň we Amerikanyň öňdebaryjy ekspertleri şeýle-de enjam öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.